Argentina we Marokko futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda oýnar

  • 16.10.2025 23:04
  • 4.3k+

Argentinanyň we Marokkonyň milli ýygyndylary 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň finalynda duşuşar. Ýaryş Çilide geçirilýär.

Ýarym finalda argentinalylar Kolumbiýanyň toparyny 1:0 hasabynda utdy. Argentina üçin bu 2007-nji ýyldan bäri ýaryşyň finalyna ilkinji gezek çykmagy boldy. Şol ýyl topar Çehiýany 2:1 hasabynda utup, altynjy titulyny gazanypdy.
Öz gezeginde Marokkonyň milli ýygyndysy Fransiýany utdy – oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa Marokko 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu üstünlik taryhy boldy, çünki topar öz taryhynda ilkinji gezek ýaşlar dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.
Final oýny 20-nji oktýabrda geçiriler, üçünji ýer üçin duşuşyk bolsa iki gün öň – 18-nji oktýabrda bolar.
2023-nji ýylda çempion titulyny finalda Italiýany utan Urugwaýyň milli ýygyndysy gazandy.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......