Meksikadaky BMW zawody 6 ýylda ýarym million awtomobil görkezijisine ýetdi

  • 16.10.2025 09:13
  • 2.9k+

BMW-niň Meksikanyň San-Luis-Potosi şäherindäki zawody möhüm sepgide ýetdi – konweýerden ýarym millionynjy awtomobil çykdy. Bu üstünlik zawod resmi taýdan açylandan bary-ýogy alty ýyldan soň gazanyldy.

Ýubileý awtomobil M2 modeli üçin eksklýuziw bolan mahmal-gök reňkli BMW M2 CS boldy. Kupeniň çäkli seriýasy 2024-nji ýylyň awgustynda M2 Racing bilen bilelikde çykaryldy. BMW yzygiderli önümçilikden öň M2 CS prototipini Nýurburgring ýolunda synagdan geçirdi. Bu ýerde ol ykjam önümçilik awtomobilleriniň arasynda rekord wagty görkezdi.
San-Luis-Potosidäki BMW zawody 2019-njy ýylyň iýunynda 3-nji seriýanyň sedanlarynyň önümçiligi bilen işläp başlady. 2021-nji ýylyň sentýabrynda assortimente 2-nji seriýanyň kupesi, 2022-nji ýylyň dekabrynda bolsa hatara ýokary öndürijilikli M2 modeli goşuldy.
Umuman, zawod alty ýylyň dowamynda BMW üçin möhüm merkeze öwrülip, hem adaty modelleri, hem ýokary öndürijilikli eksklýuziw modelleri ýola goýdy.


01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....