Lexus özüniň LS sedanyny üýtgeşik alty tekerli miniwene öwürdi

  • 15.10.2025 11:36
  • 7.9k+

Lexus soňky ýyllarda iň üýtgeşik konseptleriň birini – alty tekerli LS elektrik miniwenini görkezmäge taýýarlanýar. Kaşaň LS sedanynyň ornuna gelen model Japan Mobility Show 2025 sergisinde hödürlener we kompaniýanyň geljegiň rahatlygyna hem zynatyna garaýşyny görkezer.

90 minutlyk onlaýn tanyşdyryş wagty kompaniýa garaşylmadyk ýagdaýda täze ulagyň tizerini görkezdi. Onda alty teker we beýik kuzow aýdyň görünýär. Deslapky maglumatlara görä, bu asimmetrik gapylary bolan doly elektrik wendir: ýolagçy tarapda uly süýşürilýän gapy bolup, ol myhman otagyny ýada salýan giň salony hödürleýär.
Ulagyň daşky görnüşi futuristik stilde ýerine ýetirildi – öňde dik yşyk diodly çyzyklar we yzda kuzowyň beýikligini görkezýän uzyn çyralar bar. Lexus bu konsepti diňe bir sürmek däl, eýsem hereketde ýaşamak üçin “tigirli ýaşaýyş otagy” hökmünde suratlandyrýar.
Şeýle awtomobiliň satuw üçin öndüriljekdigi şübheli bolsa-da, taslama brendiň flagman formaty synap görmäge taýýardygyny görkezýär. Alty tekerli LS Lexus-yň täze filosofiýasynyň – sürmek üçin däl-de, hereket wagty ýaşamak üçin döredilen elektrik kaşaň kapsulalaryň döwrüne geçişiniň nyşany bolup biler. 


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....