Uly arzuwy bolan kiçijik ýurt: Kabo-Werde ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy

  • 14.10.2025 21:02
  • 10k+

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar Afrikadaky saýlama ýaryşynyň D toparçasynda birinji orny eýeledi.

Aýgytly pursat toparyň öýünde Eswatini 3:0 hasabynda utmagy boldy. Netijede Kabo-Werde 23 utuk ýygnap, birinji orny saklady. Onuň yzyndan Kamerun (19), Liwiýa (16), Angola (12), Mawrikiýa (6) we Eswatini (3) gelýär.
Kabo-Werde üçin bu taryhy üstünlik boldy. Milli topar ilkinji gezek dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna 2002-nji ýylda gatnaşdy. Mundan öň toparyň esasy üstünligi 2023-nji ýylda Afrika milletleriniň kubogynyň dörtden bir finalyna çykmagy bolupdy. FIFA-nyň soňky reýtinginde ýurt 70-nji orny eýeleýär.
Kabo-Werde Atlantik ummanynda on adadan ybarat kiçiräk arhipelag bolup, ilaty, takmynan, 600 müň adama ýetýär. Bu häzire çenli dünýä çempionatynyň ahyrky bölegine çykan meýdany boýunça iň kiçi ýurtdur. Ilat sany boýunça taryhda dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň arasynda iň az adam Islandiýada ýaşaýar. 


düýn 20:28
5.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.6k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....