Titul üçin rewanş: Pýotr Ýan UFC 323 ýaryşynda Dwalişwili bilen söweşer

  • 14.10.2025 20:43
  • 12k+

Iň ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony, russiýaly Pýotr Ýan ýene-de tituly gaýdyp almak mümkinçiligine eýe bolar. Ol 6-njy dekabrda (Aşgabat wagty bilen 7-nji dekabra geçilýän gije) UFC-niň häzirki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili bilen duşuşar. Söweş Las-Wegasda geçiriljek UFC 323 ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Tutluşyk barada guramanyň prezidenti Dana Uaýt resmi taýdan habar berdi.

Dwalişwili üçin bu söweş rekord goýmaga mümkinçilikdir: ýeňiş gazanan ýagdaýynda bu onuň bir senenama ýylynda guşagyny dördünji gezek goradygy bolar.
Ýan bilen Dwalişwili eýýäm 2023-nji ýylyň martynda oktagonda duşuşypdy. Şonda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Dwalişwili ýeňiş gazandy. 


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......