Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar

  • 13.10.2025 09:12
  • 4.2k+

Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär.

Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B.V. bilen hyzmatdaşlyk edýär. Adidas Pro Work ady bilen tanadyljak ilkinji kolleksiýanyň 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde bazara çykarylmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu hatar “funksional goragy, amatlylygy we estetikany” özünde birleşdirýär.
Adidasyň wekilleriniň aýtmagyna görä, täze aýakgap kyn şertlerde-de ýokary howpsuzlygy üpjün eder we brende mahsus bolan dizaýn äheňini saklar.

“Adidas we GLO bilelikde ýokary goraglylygy we özboluşly adidas stilini sazlaşdyrýan öz derejesindäki iň oňat aýakgaby bazara çykarmagy maksat edinýärler” diýip, kompaniýanyň wekilleri bellediler.


23.07.2024 16:14
6k+

adidas we Marvel “Dedpul 3” mynasybetli krossowka kolleksiýasyny çykarar

adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar. Kolleksiýa...

02.04.2024 14:38
13k+

Adidas Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçelerinde 44-lük belgini gadagan edýär

Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär. Bu milli ýygyndynyň...

08.12.2023 18:26
16k+

Adidas aýakgap gutusynyň şekilinde trend ýantorbany hödürledi

Adidas brendi aýakgap üçin firma gutusynyň görnüşinde täze trend ýantorbany çykardy. Aksessuaryň suratlary Instagram-da peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. Blogerler brendiň täze önümi bilen wideolary we...

04.11.2023 17:48
19k+

Adidas Bugatti-niň äheňinde çäkli mukdarda futbol butsularyny çykarar

Adidas kompaniýasy giperkar öndürýän Bugatti markasynyň äheňinde çäkli mukdarda çykjak X Crasyfast futbol aýakgabyny bildiriş etdi. Bu aýakgaplaryň diňe 99 jübüti öndüriler we olary diňe auksiondan satyn alyp bolar...