Adidas aýakgap gutusynyň şekilinde trend ýantorbany hödürledi

  • 08.12.2023 18:26
  • 16k+

Adidas brendi aýakgap üçin firma gutusynyň görnüşinde täze trend ýantorbany çykardy. Aksessuaryň suratlary Instagram-da peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Blogerler brendiň täze önümi bilen wideolary we suratlary işjeň düşürýärler. Ol logotipli gök tanalýan gutynyň görnüşinde ýerine ýetirilen. Içinde şygyrdaýan kagyz bar. Sosial ulgamlary ulanyjylar olary jinsiler we sportşik obrazlar bilen götermegi maslahat berýärler.

“Bu siziň gözüňize görünmeýär. Adidas öz firma gutusynyň görnüşinde ýantorba çykardy. Eger siz muny hiç kim satyn almaz diýip pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz: sosial ulgamlarda täze ýantorba berilýän synlardan eýýäm ýadadym” – diýip, stilist Aleko Nadirýan ýazýar.


09.05.2026 13:54
4.9k+

adidas Timoti Şalame, Ýamal, Bellingem we Messi bilen gysga metražly film çykardy

adidas kompaniýasy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «Backyard Legends» atly gysga metražly filmini hödürledi....

13.10.2025 09:12
4.3k+

Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar

Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B...

23.07.2024 16:14
6k+

adidas we Marvel “Dedpul 3” mynasybetli krossowka kolleksiýasyny çykarar

adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar. Kolleksiýa...

02.04.2024 14:38
13k+

Adidas Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçelerinde 44-lük belgini gadagan edýär

Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär. Bu milli ýygyndynyň...