adidas we Marvel “Dedpul 3” mynasybetli krossowka kolleksiýasyny çykarar

  • 23.07.2024 16:14
  • 6.1k+

adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar.

Kolleksiýa filmiň iki sany baş gahrymanynyň (Dedpul we Rosomaha) stilinde ýerine ýetirilen Rivalry Low krossowka jübüti girer. Şeýle-de, ýaňra Dedpula bagyşlanan Adizero Electric jübüti hödürlener.
Marvel bilen hyzmatdaşlyk adidas üçin ilkinji däl. Mundan öň, brend “Gara babyr: Wakanda ebedi” filmine bagyşlanan merçandaýzy çykardy.
“Dedpulyň” üçünji bölüminiň äheňinde ýerine ýetirilen harytlar ýygyndysy 1-nji awgustda satuwa çykar.
Baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmanyň ýerine ýetirmeginde “Dedpul we Rosomaha” filminiň premýerasy 26-njy iýulda bolar.


şu gün 07:46
953

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....