Adidas Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçelerinde 44-lük belgini gadagan edýär

  • 02.04.2024 14:38
  • 13k+

Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär.

Bu milli ýygyndynyň Ýewropa çempionatynda geýjek köýnekçelerindäki täze şrift sebäpli 44-lük belginiň geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda faşistik Germaniýada harby güýçleriň – SS-niň nyşany hökmünde hyzmat eden “zig” runasyna meňzeýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Oýunçylar öz köýnekçelerinde bu belgini göterip bilmeýärler, sebäbi oýunçylar sanawyna laýyklykda, futbolçylar 1-den 23 aralygyndaky belgileri alyp bilýärler, ýöne janköýerler Adidas onlaýn dükanynda şeýle belgili köýnekçeleri sargyt edip, geýip bilerdiler. Kompaniýa ksenofobiýa, antisemitizme, islendik görnüşdäki zorluga we ýigrenje garşy çykýandygyny we 44-lük belginiň gysga wagtda petiklenjekdigini aýtdy.
Ýatlap geçsek, futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna 24 ýygyndy gatnaşar. Germaniýa A toparçasynda Şotlandiýa, Wengriýa we Şweýsariýa garşy oýnar.
Öň, biz 2027-nji ýyldan Germaniýanyň milli ýygyndy formasynyň täze üpjün edijisiniň Nike boljakdygyny habar beripdik. 1954-nji ýyldan bäri milli toparyň hyzmatdaşy bolan Adidas bilen şertnama 2026-njy ýylyň dekabr aýyna çenli niýetlenýär.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....