Bawariýanyň galalary, Karnak megalitleri we Minos köşkleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

  • 16.07.2025 13:34
  • 5.1k+

ÝUNESKO Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze desgalary, şol sanda Fransiýadaky Karnak megalitlerini, Germaniýadaky patyşa Lýudwig II-niň galalaryny we Kritdäki Minos köşk toplumlaryny goşdy. Çözgüt ylmy gözlegler we tanyşdyryşlar bilen birlikde berlen arzalar gözden geçirilenden soň kabul edildi.

Täze desgalaryň hataryna Noýşwanştaýn, Herrenkimze, Linderhof galalary we Şahendäki patyşalyk emlägi girdi. Ýokarky Bawariýanyň bu binagärlik toplumlaryna her ýyl ýüzlerçe müň syýahatçy baryp görýär. Diňe geçen ýyl olary 1,7 milliondan gowrak adam gördi.
Fransiýadaky Karnak Bretanide b.e.öň 4500-3300-nji ýyllara degişli hasap edilýän megalitleriň üýşmegidir.
Kritdäki Minos köşkleri – Knoss, Fest, Malia, Zakros, Zomintos we Kidoniýa – b.e.öň 2800-nji ýyldan 1100-nji ýyl aralygynda bürünç siwilizasiýasynyň merkezleri bolupdyr.
Bütindünýä mirasy statusynyň berilmegi bu desgalaryň taryhy we binagärlik ähmiýetini, şeýle-de gorag we dolandyryş ulgamynyň bardygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, status maliýeleşdirmegi göz öňünde tutmaýar, ýöne medeni abraýy we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni üpjün edýär.
ÝUNESKO diňe bir Bütindünýä mirasy statusyny bermän, eýsem talaplary hem bildirýär. Olar, hususan-da, syýahatçylaryň köplüginden zyýan çekýän ýerli ilata peýda getirmäge gönükdirilendir. Gurama köpçülikleýin syýahatçylygy has netijeli dolandyrmak üçin konsepsiýany işläp taýýarlamagy hem talap edýär.
Görkezmeler berjaý edilmedik ýagdaýynda, desga sanawdan çykarylyp bilner. Mysal üçin, 2009-njy ýylda Drezden medeni landşaftyň bitewiligine zyýan ýetiren Waldşlýoshen köprüsiniň gurluşygyndan soň Bütindünýä mirasynyň obýekti statusyny ýitirdi.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......