Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

  • 12.10.2025 23:17
  • 3.9k+

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar.

Resmi maglumatlara görä, täze ulagyň dizaýny uly Nissan Patrol ulagyndan ylham alýar. Şol bir wagtda-da, Carscoops neşiri Tektonyň meşhur Dacia Duster krossoweriniň täzeden işlenip düzülen görnüşidigini belleýär.
Modeliň ady grek dilindäki “tekton” sözünden gelip çykýar we “senetçi” ýa-da “gurluşykçy” manysyny berýär. Krossoweriň öň tarapy C görnüşindäki LED faralar we hrom elementleri bolan radiator gözenegi bilen bezelendir. Kapot Duster modeliniň şekilini saklaýar, emma has relýefli görnüşdedir. Profil taýdan hem Duster-e meňzeýär, yzky yşyklary bolsa Patrol stilinde ýerine ýetirilen.
Tektonyň uzynlygy takmynan 4,3 metr. Ol Dacia, Renault, Mitsubishi we Nissan modellerinde ulanylýan CMF-B platformasynda guruldy.
Motory barada jikme-jik maglumat entek mälim edilmedi. Şeýle-de bolsa, Tektonyň 1,0 we 1,3 litrlik turbo hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar — bu hereketlendirijiler Duster-de hem ulanylýar.


24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....