Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady

  • 11.10.2025 14:07
  • 7.7k+

Transfermarkt portaly Seriýa A ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahasyny täzeledi.

“Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautaro Martines 10 mln ýewro arzanlady, ýöne çempionatyň iň gymmat oýunçysy adyny saklady – indi ol 85 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Ikinji orunda 80 mln ýewro bilen “Interiň” italiýaly goragçysy Alessandro Bastoni ýerleşdi.
“Ýuwentusyň” türkiýeli ýarymgoragçysy Kenan Ýyldyz uly ösüş görkezdi – onuň bahasy birbada 25 mln ýewro ýokarlanyp, 75 mln ýewro ýetdi. “Interiň” fransiýaly wingeri Markus Týuram hem indi şonça bahalandyrylýar.
Liganyň iň gymmat futbolçylarynyň bäşligini “Milanyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Rafael Leau jemledi. Onuň bahasy 70 mln ýewro.
Şeýle-de, onluga “Milanyň” ýarymgoragçysy Kristian Pulişiç (70 mln ýewro), “Komonyň” oýunçysy Nikolas Pas (55 mln ýewro), “Romadan” Manu Kone we “Fiorentinadan” Moýze Kin (ikisi-de 50 mln ýewro) girdi. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......