Çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dillerini özleşdirip başlaýar - alymlaryň barlagy

  • 09.10.2025 00:46
  • 8.8k+

 

Monreal uniwersitetiniň alymlary çaga heniz ene göwresindekä daşary ýurt dilini eşiden bolsa, onuň beýnisiniň bu dili tapawutlandyryp we bölekleýin özleşdirip bilýändigini anykladylar. Göwrelilik döwründe birnäçe hepdäniň dowamynda başga dilde gürrüňleri diňlemek, çaganyň sözleýşi kabul etmegine jogap berýän nerw ulgamlarynyň işjeňligini üýtgedip biler.

Barlaga fransuz dilinde gürleýän 60 aýal gatnaşdy. Göwrelilikleriniň 35-nji hepdesinden başlap olar yzygiderli fransuz dilindäki we daşary ýurt dilleriniň (nemes ýa-da ýewreý) birindäki gysga hekaýalaryň audioýazgylaryny diňlediler.
Doglandan soň bäbeklere şol ýazgylar gaýtadan diňledildi. Alymlar olaryň beýnisiniň işjeňligini funksional infragyzyl spektroskopiýa arkaly hasaba aldylar.
Netijelere görä, täze doglan çagalarda fransuz dilindäki ýa-da tanyş bolan daşary ýurt dilindäki gepleşik eşitdirilende, uly adamlarda ene dilini kabul edende bolşy ýaly, beýniniň şol bir bölekleri işjeňleşdi. Emma düýbünden täze bir dil goýberilende, bäbekleriň beýnisi has gowşak jogap berdi.
Barlagyň awtorlary bu maglumatlaryň çagalaryň heniz dogulmazdan ozal hem beýnileriniň ýokary çeýeligini tassyklaýandygyny we olaryň irki dil ösüşini mundan beýläk öwrenmek üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......