Kriştianu Ronaldu taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy

  • 08.10.2025 16:28
  • 18k+

Kriştianu Ronaldunyň baýlygy 1,4 mlrd dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda ilkinji milliarder futbolçy boldy. Bu maglumatlar Bloomberg-iň milliarderler indeksinden gelip çykýar.

Iýunda 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçi “Al-Nasr” bilen 400 mln dollarlyk täze şertnama baglaşdy. Agentligiň hasaplamalary boýunça, 2023-nji ýylda oýunçynyň saud klubuna geçmegi oňa salgyt tölemezden zähmet haky we bonuslar görnüşinde ýylda, takmynan, 200 mln dollar töleg barada şertnama, şeýle-de 30 mln dollar möçberde şertnama bonusy ýaly goşmaça ýeňillikleri getirdi.
2002-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda Ronaldu klublarda 550 mln dollardan gowrak gazandy. Ol Nike bilen ýylda tas 18 mln dollarlyk onýyllyk şertnama baglaşdy we Armani hem Castrol brendleri bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bu hem onuň baýlygyna 175 mln dollar goşdy.
Karýerasynyň dowamynda Ronaldu Lissabonyň “Sporting”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klublarynda, Madridiň “Realynda” we Turiniň “Ýuwentusynda” çykyş etdi. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 223 oýna gatnaşyp, 141 gol geçirdi, 2016-njy ýylda Ýewropa çempiony we iki gezek UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol “Altyn topuň” bäş gezek eýesidir.
Ýakynda Ronaldu dört dürli klub üçin 100 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy: “Real Madrid” üçin – 450, “Mançester Ýunaýted” – 145, “Ýuwentus” – 101, “Al-Nasr” – 100.


düýn 17:07
7.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....