ESA Awstraliýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin ägirt antennany açdy

  • 08.10.2025 14:27
  • 3k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) Awstraliýanyň Nýu-Norsiýa şäherindäki stansiýada uzak kosmos bilen aragatnaşyk üçin Estrack ulgamynyň dördünji antennasyny açdy.

Onuň diametri 35 metr bolup, Ýewropada has döwrebap we kuwwatly antenna hasaplanýar. Ol NASA-nyň DSN aragatnaşyk ulgamynyň antennalary bilen deňleşip bilýär.
Antenna –263°C çenli sowadylýan ýokary derejede duýgur komponentler bilen enjamlaşdyryldy, bu hem milliardlarça kilometr uzaklykda has gowşak signallary-da tutmaga mümkinçilik berýär. Ol Ýewropanyň kosmos missiýalary bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanylar, şeýle-de ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Hindistanyň agentlikleri üçin elýeterli bolar. Aýratyn ýagdaýlarda ESA hytaý taslamalaryna-da goldaw berer.
Antenna 2026-njy ýylda doly derejeli ulanylyp başlanar, ýöne synag wagtlary ol eýýäm Euclid teleskopyndan signallary kabul etdi. Toplumyň gurluşygy 62,3 mln ýewro düşdi we dört ýyl dowam etdi. Ony gurmak üçin stansiýanyň saýlanmagy işi aňsatlaşdyrdy – ol 2003-nji ýyldan bäri işleýär we onuň taýýar infrastrukturasy bar.
Täze antenna bilen birlikde Estrack ulgamy Argentinadaky (Malargue) we Ispaniýadaky (Sebreros) antennalary öz içine alýar, bu hem kosmosdaky enjamlar bilen üznüksiz diýen ýaly aragatnaşygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Nýu-Norsiýada Günorta Amerikadaky Kuru kosmodromyndan amala aşyrylan uçuşdan soň raketalar bilen aragatnaşyk saklamak üçin 4,5 metrlik antenna hem bar.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......