Polo Ralph Lauren Ýamaýkadan ylham alan täze kolleksiýany hödürledi

  • 08.10.2025 14:24
  • 3.7k+

Polo Ralph Lauren 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kolleksiýasynyň lukbugyny (suratlar toplumy) hödürledi. Suratlar WWD neşiri tarapyndan neşir edildi.

Kolleksiýa dizaýneriň Ýamaýka gezelenjinden ylham alýar. Şonuň üçin onda syýahat ruhy we adanyň rahat atmosferasy utgaşýar.
Möwsümiň esasy egin-eşikleri polo köýnekleri, uniwersitet kurtkasy we Oksford köýnekçesi boldy. Mundan başga-da, kolleksiýada safari kurtkalary, madras ýubkasy, bir bortly zygyrdan penjek we örümli, sadap ilikleri bolan switer bar.


Esasy täzelik halat-balaklar boldy. WWD onuň jins kurtkadan başlap, bleýzere çenli islendik eşik bilen gabat gelýändigini belleýär. Olaryň dizaýny üçin ylham çeşmesi hökmünde Riki Loreniň obrazy hyzmat etdi: birwagtlar ol ak balagyň üstünden krem reňkli sarongy geýipdi, bu hem dizaýnerlere modeli döretmäge itergi berdi.
Aksessuarlaryň arasynda Polo Play, Polo ID we Bellport torbalary, täzelenen guşaklar we üç äýnek modeli bar.
WWD-niň hünärmenleri klassykany sport elementleri bilen utgaşdyrýan ykjam we nepis “preppy” stiliniň (iňlisçe preparatory – taýýarlyk) ýaşlaryň arasynda meşhur bolmagyny dowam etdirýändigini belleýär. 

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....