UEFA “Barselona” bilen “Milana” çempionatyň oýunlaryny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi

  • 08.10.2025 12:38
  • 6.3k+

UEFA milli çempionatlaryň iki oýnuny daşary ýurtlarda geçirmäge rugsat berdi: “Barselona” “Wilýarreal” bilen duşuşygyny Maýamide (ABŞ), “Milan” bolsa “Komo” bilen oýnuny Pertde (Awstraliýa) geçirip biler.

La Liga we Seriýa A şeýle rugsady bermek haýyşy bilen UEFA-a öňünden ýüz tutdy. Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi milli ligalaryň oýunlarynyň ýurtdan daşary geçirilmegini makullamaýandygyny we bu rugsady “kadadan çykma” esasynda berýändigini belledi.

UEFA-nyň beýanynda Tiranda Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisinden soň klublar, ligalar, oýunçylar we janköýerler bilen geňeşmeleriň geçirilendigi aýdylýar. Gatnaşyjylaryň köpüsi oýunlaryň daşary ýurda geçirilmegine garşy boldy.

Muňa garamazdan, häzirki wagtda gözden geçirilýän FIFA-nyň düzgünlerindäki düşnüksizlikler sebäpli, UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bu iki haýyş üçin çözgüdi islegsiz kadadan çykma esasynda tassyklamak kararyna geldi.

UEFA geljekki düzgünleriň içerki ýaryşlaryň bitewiligini we klublaryň, olaryň janköýerleriniň we ýerli jemgyýetleriň arasynda ýakyn aragatnaşygy saklamagyny üpjün etmäge gönükdirilen FIFA-nyň häzirki işine işjeň gatnaşar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......