Bilermenler dünýä ýurtlarynyň ululyklaryny bir suratda görkezdiler

  • şu gün 15:21
  • 1.9k+

Dünýä ýurtlary ölçegi boýunça ägirt uly kontinental kuwwatly döwletlerden başlap, kiçijik ada döwletlerine çenli ululykda dürli-dürli bolýar. Visualcapitalist portalynyň täze taslamasy muny wizual görnüşde aýdyň görkezýär: diagrammada gury ýerleri we içerki suw desgalaryny - kölleri, derýalary we suw howdanlaryny göz öňünde tutmak bilen, her bir ýurt çäginiň ululygyna görä ýerleşdirilen.

Russiýa, Kanada, Hytaý we ABŞ ýeriniň meýdany boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär. Olar bilelikde Ýer togalagynyň üçden bir bölegini tutýarlar. Russiýa ynamly ýagdaýda öňdebaryjy orny eýeleýär. Onuň territoriýasy 11 wagt zolagyndan geçýär we ýeriniň 65%-den gowragy hemişelik doňaklykda ýerleşýär.
Kanada tebigy şertleri boýunça Russiýanyň şertlerine golaý. Onuň demirgazygy tundra we taýga bilen örtülendir, Arktikanyň howasy bolsa ýeriniň ep-esli bölegini ýaşamaga ýaramsyz edýär. Gyzykly tarapy, Kanadanyň san maglumatyna görä, ýurduň ilatynyň takmynan 66%-i ABŞ-nyň serhedinden 100 km uzaklykda ýaşaýar.
Iň kiçijik döwlet - Monako. Ol bary-ýogy 2,1 inedördül kilometri tutýar we 39 000 töweregi ilaty bilen planetanyň iň gür ilatly ýerleriniň biri bolmagynda galýar. Soňra Gibraltar gelýär, ol Beýik Britaniýanyň deňiz aňyrsynda ýerleşýän ýeri bolup, meýdany 6,8 inedördül kilometre deň hem-de Atlantik we Ortaýer deňizleriniň arasyndaky möhüm deňiz ýoluna gözegçilik edýär.
Türkmenistan 491,200 km² meýdany bilen dünýäde 52-nji, Merkezi Aziýada ikinji ýerde durýar. Bu Ýeriň gury ýer meýdanynyň takmynan 0,33% -ini düzýär. Sanawda ýurt Ispaniýa (506 müň km²) bilen Kamerunyň (475,4 müň km²) arasynda ýerleşýär.


02.08.2025 00:21
9.1k+

Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär

Science Advances žurnalynda çap edilen global barlagyň netijesine görä, Ýeriň yklymlarynda süýji suw çalt depginde tükelip barýar. Arizona ştatynyň uniwersitetiniň (ASU) alymlary 2002-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli...

23.11.2024 09:38
2.4k+

4 — 6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

4 — 6-njy dekabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergini we onuň çäklerinde...

07.10.2024 13:37
3.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasyndaky geleşikleriň jemi bahasy 10 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Maglumatlar metbugatda çap edildi. Daşary...

17.09.2024 16:10
2k+

Türkmenistanyň DIM-nde TIF 2024 maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing...