Indoneziýada uly meteorit gaçdy

  • 07.10.2025 14:59
  • 10k+

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi.

Çirebonyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentliginiň maglumatlaryna görä, seýsmiki datçikler ýerli wagt bilen 18:39-da zarba tolkunyny hasaba aldy, wideo gözegçilik kameralary bolsa 18:35-de meteoryň gaçyşyny düşürdi.
Jamaluddin meteor atmosfera girende güýçli sesi çykaran zarba tolkunyny döredendigini, ýöne suwa gaçmagyň ýangyna sebäp bolmandygyny we ilat üçin howp salmandygyny düşündirdi.
Alym meteoritiň ululygyny 3-5 metr diýip hasaplady we ony 2013-nji ýylda Çelýabinskä gaçan meteorit bilen deňeşdirdi. Onuň aýtmagyna görä, Indoneziýada şeýle uly meteorlar örän seýrek – birnäçe onýyllykda bir gezek duşýar we olary hereket tizliginiň ýokarydygy sebäpli öňünden çaklap bolmaýar.
Çirebonyň gündogar etraplarynyň, aýratynam, Lemahabangyň ýaşaýjylary hadysanyň şaýatlary boldy. 


09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

14.04.2026 22:56
2.2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

24.02.2026 14:47
8k+

Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär...

06.02.2026 15:41
17k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...