“Doga 4” taryhda iň köp girdeji gazanan üçünji horror filmi boldy

  • 07.10.2025 13:35
  • 2.7k+

“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последний обряд) filmi dünýä prokatynda haýran galdyryjy üstünlik gazanyp, franşizada iň girdejili bölüm boldy. Tomaşaçylary Eda bilen Lorreýn Uorrenleriň hekaýatynyň soňuny görkezmek wadasy özüne çekdi.

Warner Bros. studiýasynyň maglumatlaryna görä, filmiň dünýädäki kassa ýygymy 458,2 mln dollardan geçdi: film olardan 167,8 mln dollary ABŞ-da we 290,4 mln dollary beýleki ýurtlarda gazandy. Şeýlelikde, “Doga 4” ähli döwürleriň iň köp girdeji gazanan horrorlarynyň üçlügine girdi (inflýasiýany hasaba almazdan).
Ondan öňde diňe iki film – “Ol” (Оно / $704,1 mln) we onuň dowamy ($473,1 mln) bar. Ikisi-de Warner Bros. tarapyndan düşürildi.
Soňky on ýylda studiýa üstünlikli bolan gorkunç filmleriň birnäçesini çykardy. Mysal üçin, onuň şu ýylda çykan “Günäliler” (Грешники) filmi 367 mln dollar ýygnady.
“Doga: Soňky dessurlar” Uorrenleriň hekaýatyny jemleýän bolsa-da, franşiza entek tamamlanmady. Häzir önümçilikde prikwel we serial bar.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......