Guramaçylaryň ýalňyşlygyndan soň, sambo boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenine altyn medal berildi

  • 07.10.2025 13:28
  • 16k+

Indoneziýanyň Bogor şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky sambo boýunça Dünýä çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň türgenleri medallarynyň sanyny sekize ýetirdiler.

Halkara Sambo Federasiýasynyň (FIAS) 58 kg çenli agram derejesinde söweş sambosynyň finalynda iki türgene-de altyn medal bermek baradaky adaty bolmadyk karary ýaryşyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan pursatlarynyň biri boldy. Bu agramda Türkmenistandan Alyhan Aýdogdyýew we Russiýadan Artýom Nesterow (FIAS-nyň baýdagy astynda çykyş etdi) ýeňiji boldular.
FIAS-nyň prezidenti Wasiliý Şestakow bu karary guramaçylyk ýalňyşlygy sebäpli kabul etdi: ýerli guramaçylyk komiteti final tutluşyklaryny bir sagat öňe süýşürdi, ýöne bu barada gatnaşyjylaryň ählisine habar bermändir. Netijede, Nesterow düşekçä wagtynda çyksa-da, Aýdogdyýew gijä galdy. Dörän ýagdaýlary göz öňünde tutup, federasiýa iki türgeni hem altyn medallar bilen sylaglamagy zerur hasaplady.
Ýygyndy toparyň gaznasyna bürünç medallary Mähriban Pälwanowa (59 kg çenli, sport sambosy, gyzlar) we Annamuhammet Annamuhammedow (64 kg çenli, sport sambosy, oglanlar) goşdular.
Ýatlap geçsek, mundan ozal 18 ýaşly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yslam Hemraýew (söweş sambosy, 71 kg çenli) altyn medal gazanypdy.
Umuman, Türkmenistanyň ýygyndysy iki altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandy. Ýaryşa 34 ýurtdan 383 türgen gatnaşdy.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......