Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar

  • 07.10.2025 13:02
  • 5.2k+

Kolorado uniwersitetiniň (Boulder şäheri, ABŞ) alymlary on müňlerçe ýyl mundan ozal ebedi doňaklykda doňup galan gadymy mikroblary janlandyrdylar. Käbir nusgalardaky mikroorganizmler, takmynan, 40 müň ýyl bäri «uklapdyr».

Gözlegçiler Alýaskadaky aýratyn bir tunelde, diwarlarynda henizem mamontlaryň we zubrlaryň süňkleri görünýän ýerden müdimi doňaklygyň nusgalaryny aldylar. Nusgalar eredildi we adaty arktika şertlerinden has ýyly bolan 3,8 we 12,2 °C temperaturalarda laboratoriýa şertlerine ýerleşdirildi.
Ilkibaşda, mikroblar gaty haýal janlandy, ýöne alty aýdan soň göz-görtele koloniýalary we hatda bioplýonkalary emele getirip başladylar. Alymlar bu organizmleriň ynsan üçin howply däldigini, ýöne olaryň işjeňliginiň organiki maddalary dargadyp, kömürturşy gazyny we metany bölüp çykarmaga ukyplydygyny nygtadylar.
Barlagyň awtory Tristan Karonyň sözlerine görä, has ýyly şertlerde mikroblar çalt oýananok, ýöne Arktikada ýyly möwsüm näçe uzyn bolsa, eräp barýan doňaklykdan parnik gazlarynyň işjeň bölünip çykmak howpy şonça-da ýokary bolýar.
Netijeler Journal of Geophysical Research: Biogeosciences žurnalynda çap edildi. Olar howanyň üýtgemegi we demirgazyk sebitleriň ekoulgamlarynyň durnuklylygy bilen bagly prosesleri düşünmek üçin möhümdir.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......