Türkmen samboçylary Indoneziýada ýaşlaryň dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar

  • 06.10.2025 22:56
  • 6.7k+

Türkmen samboçylary ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bäş medal – bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medal gazandylar.

Bäsleşik 3-nji oktabrdan 5-nji oktabr aralygynda Indoneziýanyň Bogor şäherinde geçdi.
Ýygyndy toparymyzyň hasabyna altyn medaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, 18 ýaşly Yslam Hemraýew getirdi. Ol 71 kg agram derejesinde, söweş sambosy görnüşinde ýetginjekleriň (20 ýaşa çenli) arasynda dünýä çempiony boldy. Ol Gyrgyz Respublikasyndan, Ermenistandan bäsdeşlerini, finalda bolsa russiýaly (Halkara Sambo Federasiýasynyň, FIAS, baýdagy astynda çykyş eden) Gadyr Gaşimowy 8:0 hasabynda ýeňdi.
Kümüş medallary Rasul Jabraýilow (söweş sambosy, 64 kg çenli), Malikberdi Begiýew (söweş sambosy, 88 kg çenli) we Ykbal Saparowa (sport sambo, 50 kg çenli) gazandylar.

Bürünç medaly 58 kg agram derejesinde sport sambosynda ýaşlaryň (18 ýaşa çenli) arasynda Ilşat Dowranow aldy.
Bogorda geçirilen sambo boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna dünýäniň 34 ýurdundan 383 türgen gatnaşdy. Üç günüň dowamynda olar 16-18 ýaşly oglanlaryň we gyzlaryň, hem-de 18-20 ýaşly ýetginjekleriň we gyz ýetginjekleriň arasynda sport we söweş sambosynda 37 medal toplumyny oýnadylar.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......