“Ahyrky nokat 7” režissýoryny tapdy

  • 06.10.2025 11:06
  • 3.7k+

Warner Bros. we New Line “Ahyrky nokat” horrorynyň ýedinji bölümi üçin režissýor saýladylar. Filmi “Gijeki ogry” atly filmi bilen tanalýan belgiýaly režissýor Mihil Blanşar goýar diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Ýordumyň jikme-jiklikleri we goýberiljek senesi entek aýdylmady. Edebi esasyny franşizanyň altynjy bölüminiň üstünde işlän Lori Ewans Teýlor ýazar.
Franşiza 2000-nji ýylda surata düşürilip başlandy. Her bölümde öňdengörüjilik bilen betbagtçylykdan halas bolan bir topar adam barybir iň çylşyrymly ýagdaýda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Soňky film “Ahyrky nokat 6: Gan baglary” 2025-nji ýylyň aprelinde çykdy. Filmiň ýordumy bir wagtlar enesi adamlaryň ölüminiň öňüni alandan soň, maşgalasyny heläk bolmakdan goramaga synanyşýan talyp Stefani barada gürrüň berýär. Film franşizada iň köp girdeji gazanan film boldy we dünýä boýunça 315 million dollar gazandy.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......