Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär

  • 06.10.2025 11:02
  • 5.6k+

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaryş ýollaryna çykjak döwrebaplaşdyrylan GR010 ýaryş awtoulagynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Ýapon kompaniýasynyň esasy maksady – Ferrari-niň topary ýaryş ýoluna gaýdyp geleninden soň, “Le Man-yň 24 sagady” ýaryşynda, ýitirilen zatlaryň öwezini dolmak bilen, öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmek.

Çempionatyň berk düzgünleri sebäpli Toyota-nyň inženerleri 680 at güýji bolan gibrid awtoulagyň aerodinamikasyny gowulandyrmaga ünsi jemlediler. Neşir edilen suratlarda, esasan, awtoulagyň umumy sudury we käbir bölekleri - yzky anti ganatyň sudury, öň splitter we bölekleýin Toyota önümçilik awtoulaglarynyň dizaýnyndan ylhamlanan täze yşyklandyryş görünýär.
Toyota-nyň Ýewropadaky Gazoo Racing-iň bölüminiň ýolbaşçylaryndan biri Kazuki Nakadzimanyň sözlerine görä, GR010 Evolution diýlip atlandyrylýan ýaryş ulagynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşi 2026-njy ýylyň möwsüminde ýaryşa doly goşulmaga taýýarlanýar. Ol toparyň Le Manda ýeňşini gaýtaryp almagy maksat edinýändigini aýtdy.
Toyota 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli yzly-yzyna bäş marafonda ýeňiş gazanyp, bu ajaýyp ýaryşda öňdeligi eýeläp gelipdi. Ýeňişleriň yzy 2023-nji ýylda Ferrari çydamlylyk ýaryşyna gaýdyp gelip, yzly-yzyna üç gezek ýeňiji bolanda üzülipdi.
GR010 Evolution-yň ilkinji köpçülikleýin synaglary oktýabr aýynyň başynda Ýewropanyň ýaryş ýollarynda geçer diýlip garaşylýar. Geljek möwsümde Toyota Aston Martin, Porsche, BMW we Cadillac awtoulaglary bilen bäsleşer, 2027-nji ýylda bolsa Genesis-yň, MakLaren-iň we Ford-uň toparlary ýaryşa goşular.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......