Bvlgari müňlerçe Swarovski kristallary bilen täze ýantorba we aksessuar kolleksiýasyny görkezdi

  • 05.10.2025 12:35
  • 3.2k+

Bvlgari 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin deri önümleriniň we aksessuarlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Ilkinji modeller eýýäm indiki ýylyň ýanwarynda satuwa çykar.

Kolleksiýanyň esasy modeli indiki ýylyň fewralynda ýiti benewşe reňkinde çykjak täzelenen Serpenti Cuore 1968 torbasy boldy. Şeýle-de, ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda dürli deri reňklerinde kiçeldilen wersiýa Serpenti Cuoricino hem çykar. Kolleksiýada 4 600-den gowrak Swarovski kristaly bilen bezelen Neige Pavé Crystal torbalarynyň ýalpyldap duran görnüşleri aýratyn ünsi çekýär.
Brend şekilleri tebigy rafiýa süýüminden döretmek bilen, Serpenti Forever Top Handle we Serpentine Tote torbalary üçin Calla nagşyny ulanmagyny dowam etdirýär. Bir torbany taýýarlamak üçin 40 sagada çenli wagt sarp edilýär. Kolleksiýada ratandan örülen modeller hem bar, kiçi Serpenti Forever torbasy bolsa Pavé Crystals tehnikasynyň kömegi bilen elde dakylan 10 000-den gowrak kristal bilen bezeldi.
“Agşamky hatara” Tubogas klatçlary we Serpenti Forever Evening torbasy girýär, olar maýda satuwa çykar.
Kolleksiýanyň esasy mowzugy Cabinet des Curiosités boldy – ol seýrek we üýtgeşik predmetleri satan Bvlgari-niň ilkinji butiginiň taryhyna salgylanýar. Täze önümler özüne çekiji we ýylanyň kellesi ýaly nyşanlar bilen tanalýan boldy.
Kolleksiýanyň dizaýny deri önümleri we aksessuarlary ugrunyň döredijilik müdiri Meri Katranzu tarapyndan işlenip taýýarlandy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....