SpaceX Falcon 9 raketasy şu ýyl 125 uçuşy amala aşyrdy – bu beýleki ýurtlaryň ählisinden köp

  • 04.10.2025 19:42
  • 3.4k+

3-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy şu ýylda 125-nji gezek Falcon 9 raketasyny uçuryp, Ýere golaý orbita 28 sany Starlink internet hemrasyndan ybarat toplumy iberdi.  

Uçuş ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 10:06-da (Aşgabat wagty bilen 19:06) Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndan amala aşyryldy. Uçuşdan bir sagatdan soň ikinji basgançak hemralary orbita çykardy, birinji basgançak bolsa sekiz minutdan soň Ýuwaş ummandaky SpaceX-iň Of Course I Still Love You deňiz platformasynda üstünlikli gondy. Bu raketa üçin häzirki uçuş ikinji boldy, birinji gezek hem ol Starlink hemralaryny orbita çykarmak üçin ulanylypdy.

Space.com portalynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Falcon 9-yň uçuşlarynyň 70%-den gowragy Starlink hemralar toparyny giňeltmek bilen baglanyşykly boldy. Ýewropanyň kosmos agentligine görä, häzir orbitada 12 500 töweregi hereket edýän hemra bolup, olardan 8500-den gowragy Starlink enjamlarydyr.

Şu ýyl SpaceX dünýäniň ähli ýurtlaryny bilelikde alanyňdan hem köp raketa uçurdy. Dünýäde jemi 223 üstünlikli uçuş boldy: uçuş sany boýunça ABŞ-dan soň Hytaý (58) we Russiýa (13) gelýär. 


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......