Faberženiň belli “Gyş ýumurtgasy” ýene satuwa çykaryldy

  • 04.10.2025 17:07
  • 5.3k+

Karl Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” – imperator Nikolaý II-niň ejesi Mariýa Fýodorowna pasha sowgady ýene auksiona çykaryldy. Ozal ol auksionda 2002-nji ýylda 9,58 mln dollara, 1994-nji ýylda bolsa 5,58 mln dollara satylypdy diýip, Forbes ýazýar.

Ýumurtga özüniň üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Onuň üstünde Faberženiň neberesi bilen baglanyşykly ussatlar bilen bilelikde ýaş zergär Alma Pil işledi.
Ýumurtganyň korpusy dag hrustalyndan – işlemesi örän kyn bolan materialdan ýasaldy. Onuň gapdalynda gülgüne göwherler bilen bezelen anemonly platina sebedi bar. Her gül ak kwarsyň böleginden, baldaklar we tyçinkalar bolsa altyn simden ýasaldy.
Ýumurtganyň soňky eýeleri katarly kolleksioner, şeýh Saud bin Muhammed Al Taniniň mirasdüşerleridir. Olar ony Christie’s auksion öýi arkaly satuwa çykardy. Söwda 2-nji dekabrda Londonda meýilleşdirilýär. Ýumurtganyň başlangyç bahasy entek yglan edilmedi. 


17.06.2026 07:47
1.3k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......