Boksçy "Şazada" Nasim baradaky filmiň treýleri çykdy

  • 04.10.2025 16:39
  • 11k+

Internetde meşhur iňlis-ýemen boksçysy "Şazada" Nasim Hamed hakyndaky "Äpet" atly sport dramasynyň treýleri ýaýradyldy. Film oktýabr aýynda 2025-nji ýylda geçiriljek BFI London film festiwalynda görkeziler.

Filmde Amir El-Masri we Pirs Brosnan çykyş edýär. Filme boksçynyň köpden bäri muşdagy Silwester Stallone prodýuserlik etdi.
Filmde köçe söweşlerinden başlap çempionlyk titullaryna çenli ýoly geçen Nasimiň (keşbini El-Masri ýerine ýetirdi) başdan geçirenleri gürrüň berilýär.
Pirs Brosnan irlandiýaly Brendan Ingliň – boksçynyň halypasynyň keşbini oýnady. Onuň özboluşly strategiýasy o diýen tanalmaýan oglana sport ýyldyzy bolmaga kömek etdi.
Treýler Ingle bilen Hamediň arasyndaky çylşyrymly, ýöne garyndaşlyk diýen ýaly gatnaşyklaryny açyp görkezýär. Filmiň režissýory Rouen Eteýl filmi öz edebi esasy boýunça surata düşürdi.
Nasim Hamed – WBO-nyň, WBC-niň, IBF-iň we IBO-nyň wersiýalary boýunça ýarym ýeňil agramlykda öňki dünýä çempiony. Ajaýyp söweş stili, üýtgeşik tilsimleri we ringe ajaýyp girişi üçin  ol "Şazada Nasim" lakamyny aldy. 2015-nji ýylda ol Halkara boksyň Şöhrat zalyna goşuldy.


şu gün 09:56
862

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
685

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......