Sotheby's Abu-Dabide 150 million dollarlyk rekord sungat sergisini geçirdi

  • 04.10.2025 11:18
  • 3.8k+

1-2-nji oktýabrda Sotheby's Abu-Dabide ilkinji Ýakyn Gündogaryň şekillendiriş sungaty sergisini geçirdi. Ol görkezilen eserleriň bahasy boýunça - 150 million dollar töweregi - rekord goýdy. Sergi Saadiýat adasyndaky Bassam Freýh sungat merkezinde geçirildi.

Sergä gelenler Winsent Wan Goguň, Pol Gogeniň, Frida Kalonyň, Rene Magrittiň, Edward Munkyň we Kamil Pissarronyň kartinalaryny synlap bildiler. Ähli eserler iri hususy kolleksiýalardan getirildi.
Şolaryň arasynda Edward Munkyň 20 million dollardan gowrak bahasy bolan “Keramatly Hansyň gijesiniň öňüsyrasynda” (1901–1903) eseri bar. Ondan öň, ol Leonard Lauderiň ýygyndysyna degişlidi. Wan Goguň we Gogeniň kartinalary Sindiniň we Jeý Pritskeriň ýygyndysyndan, Rene Magrittiň “Ýitirilen çapyksuwar” diýen işi (1942) Mettýu bilen we Karolin Buksbaumyň ýygyndysyndan alyndy.
Serginiň esasy eksponaty Frida Kalonyň 40-60 million dollar bahasy bolan “Uky (Ýatalga)” (1940) eseri boldy.
Bu sebit üçin özboluşly sergi boldy: sergilenen kartinalaryň hiç biri ozal Ýakyn Gündogarda görkezilmedik, üç eser bolsa 50 ýyldan gowrak wagt bäri köpçülige asla görkezilmändir. Abu-Dabide geçirilen sergiden soň kolleksiýa Londona ugrar, şondan soň noýabr aýynda sýurrealistik sungat auksiony geçiriljek Parižde we Nýu-Ýorkda hem görkeziler.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....