Arman Sarukýan Katardaky UFC ýaryşynda Den Huker bilen söweşer

  • 03.10.2025 17:18
  • 14k+

Absolýut söweş çempionaty (UFC) 22-nji noýabrda Dohada geçiriljek ýaryşda rus-ermeni söweşijisi Arman Sarukýanyň täze zelandiýaly Den Huker bilen duşuşjakdygyny yglan etdi. Söweş agşamyň esasy wakasy bolar.

Ýaryşyň ýene bir esasy söweşinde ýarym orta agramda UFC-niň öňki çempiony asly palestinaly amerikan Belal Muhammad bilen irlandiýaly Ien Gerri tutluşar.
Sarukýan ozal ýanwarda ýeňil agramda çempion guşagy üçin Islam Mahaçewe garşy titul söweşini geçirmekçidi, ýöne şikes sebäpli söweşden ýüz öwürmeli boldy. 28 ýaşly russiýalynyň hasabynda 25 söweşde 22 ýeňiş we 3 ýeňliş bar. Ol agram derejesine garamazdan UFC-niň reýtinginde (P4P) 14-nji orny eýeleýär.
Huker 35 ýaşynda. Onuň rekordy – 24 ýeňiş we 12 ýeňliş. UFC-niň ýeňil agram reýtinginde altynjy orunda ýerleşýär. 2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Pert şäherinde (Awstraliýa) UFC 305-de bolan soňky söweşinde Huker polşaly Mateuş Gamroty ýeňdi. 


düýn 23:43
4.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......