Jim Kerri kino goşan goşandy üçin “Sezar” hormat baýragynyň eýesi bolar

  • 03.10.2025 17:06
  • 3k+

Aktýor Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin “Sezar” hormat baýragynyň eýesi bolar. Fransuz kinoakademiýasynyň baýrak gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Parižde geçiriler diýip, Variety neşiri habar berdi.

Dürli ýyllarda bu baýragy Meril Strip, Robert Redford, Juliýa Roberts, Keýt Blanşett we beýleki tanymal aktýorlar aldy.
Fransuz kinoakademiýasy Kerriniň karýerasynyň “köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýandygyny belledi: ol kinoda blokbasterleri we awtorlyk kinosyny gezekleşdirýär; telewideniýede onuň “Degişýärin” Showtime serialyndaky täsirli we duýgur çykyşy onuň zehininiň giňdigini ýene bir gezek tassyklady”.
Jim Kerri “Maska”, “Eýs Wentura”, “Akmak we has akmak”, “Arassa aňyň baky ýalkymy”, “Truman şüweleňi” we beýleki filmlerdäki keşpleri bilen meşhurlyk gazandy.


şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.2k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......