FIFPro futbolçylara aşa agram düşýändigi barada maglumat berdi

  • 03.10.2025 09:22
  • 6k+

Halkara professional futbolçylar assosiasiýasy (FIFPro) möwsümiň dowamynda oýunçylara düşýän agram barada täze hasabat berdi. Ol kärdeşler arkalaşygynyň oýunlaryň sanynyň yzygiderli köpelmegi sebäpli öňdebaryjy futbol guramalary bilen dawasynyň dowam etmeginiň esasynda hödürlendi.

Bellenilişi ýaly, geçen möwsümde ýewrokuboklara üýtgeşme girizilenden we şu tomus ABŞ-da ilkinji gezek 32 toparyň gatnaşmagynda geçip, tutuş bir aý dowam eden Klublaýyn dünýä çempionaty giňeldilenden soň futbolçylara düşýän agram artdy.
FIFPro-nyň hasaby boýunça, senenamanyň dykyz bolmagy sebäpli, futbolçylaryň ýarysy saglyk töwekgelçiligine sezewar boldy, köpüsi bolsa kadaly dynç alman, möwsümden öň doly taýýarlyk görmek mümkinçiliginden mahrum boldy. FIFPro-nyň şkalasy boýunça, möwsümde 25-39 oýun kadaly “ýük” hasaplanýar. 40 we ondan köp oýunlar ýokary agram, 55-den köp – aşa agram bolup, bu ýerde şikes we formany ýitirmek töwekgelçiligi hem has ýokary hasaplanýar; geçen möwsümde oýunçylaryň 49%-i bu iki kategoriýa düşdi.

Oýun boýunça rekord eýeleri
Oýun üçin sanawa goşulmak boýunça öňdebaryjylar iki ýaş futbolçy – Arçi Greý (“Tottenhem”) we Arda Gýuler (“Real”) boldy – hersi 80 gezek. 40 ýaşly Luka Modriç olardan bir oýun tapawut bilen yza galdy.
Geçirilen oýunlaryň sany boýunça bolsa Modriç lider boldy – 76 oýun. Ondan başga-da, 70 oýun çäginden Federiko Walwerde (“Real”) – 72, Fabian Ruis (PSŽ) – 71, Alessandro Bastoni (“Inter”) – 70 geçdi.

Arakesmesiz agram salmak
Federiko Walwerde back-to-back oýunlary boýunça sanawyň başyny çekdi, bu ýagdaýda oýunlaryň arasyndaky aralyk bäş günden az. Walwerdeniň hasabynda şeýle oýunlar 58 sany. Onuň yzyndan Pedri we Rafinýa (“Barselona”), Luka Modriç we Hulian Alwares (“Atletiko”) gelýär.

Ýaş oýunçylaryň ýüki
FIFPro ýaş futbolçylara düşýän agram barada aýratyn alada galýar. Hasabatda diňe bir, ýöne iň aýdyň mysal getirilýär: “Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal 18 ýaşyna çenli uly düzümde eýýäm 130 oýna gatnaşdy. Deňeşdirmek üçin, klubuň öňki futbolçysy Andres Inýestanyň hasabynda şol ýaşda 40 oýun bardy.

Uzak uçuşlar
Uzak uçuşlar hem goşmaça agram salýar. Bu görkeziji boýunça rekord eýesi awstraliýaly derwezeban Metýu Raýan boldy. Ol geçen möwsümde Italiýada “Roma” we Fransiýada “Lans” üçin oýnady. Ol, umuman alanyňda, möwsümde tas 170 müň km uçup, howada 9 gün geçirdi.
FIFPro-nyň pikiriçe, möwsümden soň oýunçylaryň rugsady, indiki möwsüme taýýarlyk ýaly azyndan 28 gün bolmaly. Iş ýüzünde bu talaplar ýerine ýetirilmeýär: 2025-nji ýylyň tomsunda Klublaýyn dünýä çempionaty sebäpli “PSŽ-niň” oýunçylary bary-ýogy dynç alyş üçin 22 gün we taýýarlyk üçin bir hepde aldy.
“Çelsiniň”, “Realyň”, “Benfikanyň”, “Mançester Sitiniň” we “Bawariýanyň” oýunçylary hem şeýle ýagdaýa düşdi.
Öňde futbolçylara has dykyz tertipnama garaşýar: ABŞ-da, Kanadada we Meksikada dünýä çempionaty yssy howa şertlerinde geçer, bu hem oýunçylaryň doly derejeli dynç almagyna päsgelçilik berer diýip, FIFPro pikir edýär. 


düýn 15:24
5.4k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.2k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

19.04.2026 14:05
8.5k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

19.04.2026 11:18
2.9k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....