Abu-Dabide dünýäde ilkinji uglerod zyňyndylary nola deň bolan metjit açylar

  • 02.10.2025 11:42
  • 8.3k+

Oktýabr aýynda Abu-Dabide dünýädäki ilkinji uglerod zyňyndysy nola deň bolan metjit ybadatçylar üçin gapylaryny açar. Taslama Masdar City taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi we ol adaty gurluşyk tehnikalaryny häzirki zaman durnukly ösüş tehnologiýalary bilen birleşdirýär.

Metjit 1300 ybadatçy üçin niýetlenendir we tutuşlygyna Gün panelleriniň hasabyna işleýär. Britaniýanyň Arup firmasynyň arhitektorlary passiw sowadyş ulgamyny, akylly datçikleri we serişdeleri tygşytlamak ýörelgelerini ulandylar. Bu energiýa sarp edilişiniň, takmynan, üçden bir bölegini we suwuň sarp edilişiniň ýarysyndan gowragyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Gurluşynda adaty çözgütler ulanylýar: 60 metr uzynlykdaky Kybla-diwar ýerli zynçgylanan toprakdan ýasalyp, berkligi we yssy howa çydamlylygy üpjün edýär. Şol bir wagtda yslam däp-dessurlarynyň talaplarynyň Mekgäniň binasyndan ugur almagy göz öňünde tutulypdyr. Günden goranmak üçin bassyrmalar, burç penjireleri we izolýasiýa ediji hem-de şöhläni serpikdiriji materiallar ulanyldy.
Taslama durnukly şäherleşme merkezi hökmünde tanalýan Masdar City-niň daşky gurşawy goramak strategiýasynyň bir bölegidir. Taslamany döredijiler metjidiň ruhy we medeni wezipeleriň daşky gurşawy goramak jogapkärçiligi bilen utgaşjak geljekki dini we jemgyýetçilik binalary üçin nusga boljakdygyny bellediler.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....