SpaceX kompaniýasy Starship-iň indiki synag uçuşynyň senesini yglan etdi

  • 01.10.2025 18:08
  • 2k+

SpaceX aerokosmos kompaniýasy 13-nji oktýabrda Super Heavy tizleşdirijisi bilen bilelikde Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşyny geçirmegi meýilleşdirýär.

“Starship-iň onunjy uçuş synagy dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini döretmekde möhüm ädim boldy. Starship gämisiniň on birinji uçuş synagy 13-nji oktýabra, duşenbe gününe meýilleşdirilýär” – diýlip, kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar.

Uçuş penjiresi ýerli wagt bilen 18:15-de (Aşgabat wagty bilen 14-nji oktýabr 04:15) açylar. Uçuşa göni ýaýlymda SpaceX-iň YouTube kanalynda tomaşa edip bolar; ýaýlym uçuşdan ýarym sagat öň başlar.
Synag wagtynda kompaniýa täze tizleşdirijileri döretmek üçin maglumat ýygnamagy, ýylylykdan goraýan ekrany barlamagy we uçuş meýdançasyna gaýdyp gelmek üçin zerur hereketleri synamagy meýilleşdirýär. Super Heavy tizleşdirijisi 24 sany Raptor hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Synag wagty hünärmenler Meksikan aýlagyna gonuşda hereketlendirijileriň täze iş usulyny barlar. Ilkibaşda 13 hereketlendiriji işlär, soňra olaryň sany bäşe, ondan soň üçe çenli azaldylar.
Raketanyň ikinji basgançagy orbita Starlink hemralarynyň sekiz maketini çykaryp, kosmosda hereketlendirijilerini işletmäge çalyşmaly. Şeýle-de, inženerler korpusyň atmosfera girişde ýokary temperaturalara çydamlylygyny barlamak üçin gorag plitkalarynyň bir bölegini aýrar. Şondan soň Starship aýlanmak hereketini ýerine ýetirer we gönükdirme ulgamyny barlar. Synag Hindi ummanynda gonmak bilen tamamlanar.
Starship-iň geçenki synag uçuşy 27-nji awgustda boldy. Uçuşdan birnäçe minutdan soň gämi tizleşdirijiden aýryldy, tizleşdiriji bolsa hereketlendirijisini işledip, gonmaga taýýarlandy. Starship-iň özi belentlige çykmagyny dowam etdirdi we 20 minutdan soň Starlink telekommunikasion hemralarynyň maketlerini kosmosda ýerleşdirmäge girişdi.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....