ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi işläp başlady

  • 01.10.2025 14:38
  • 2.3k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin ene-ata gözegçiligi funksiýasynyň işläp başlandygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan hyzmat sazlamak üçin aýratyn sahypa bilen bilelikde web-wersiýany we mobil goşundysyny ulanyjylar üçin elýeterli boldy diýip, Bloomberg belleýär.

Indi ene-atalar öz akkuntlaryny ýetginjegiň akkaunty bilen baglap, çäklendirmeleri sazlap biler. Ýöne muny ýetginjegiň özüniň razylygy bolmazdan etmek mümkin däldir – taraplaryň biri çakylyk ibermeli, beýlekisi ony kabul etmeli. 
Eger ýetginjek öz akkauntyny ene-ata gözegçiliginden aýyrmak islese, OpenAI bu barada ene-atalara duýdurar. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalar çaganyň ýazyşýan gürrüňlerine elýeterli bolup bilmez. Kompaniýa çatdan bölekleri diňe aýratyn ýagdaýlarda, mysal üçin, OpenAI-iň hünärmenleri howpuň bardygyny ýüze çykarsa, ene-atalar bilen paýlaşyp biler.
Eger çat-bot ýetginjegiň çökgünlik ýagdaýyndadygyny aňsa, kompaniýanyň işgärleri ene-atalara bu barada gyssagly habar iberer.
Akkauntlaryň arasynda baglanyşyk gurlandan soň, ene-atalar ýetginjekleriň käbir kontentlere we şekil döretmek ýa-da redaktirlemek mümkinçiligine elýeterliligini çäklendirip, “asuda wagty” kesgitläp ýa-da ChatGPT-ni ulanyp bolmajak takyk wagty saýlap, ses režimini we ýady öçürip, şeýle-de bu gürrüňleri OpenAI modellerini okatmak üçin ulanyp boljakdygyny ýa-da ýokdugyny çözüp biler. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......