RTR Vehicles ussahanasy «Ford Mustangy» 882 at güýjüne çenli güýçlendirdi

  • 01.10.2025 14:36
  • 2.9k+

RTR Vehicles awtobezeg ussahanasy Ford Mustang-yň binýadynda taýýarlan Spec 5 täze taslamasyny hödürledi. 5 litrlik kompressorly V8 indi 882 at güýjüni ösdürýär. Bu bolsa ony zawodyň iň güýçli modeli bolan 826 at güýjündäki Mustang GTD-den güýçli edýär, üstesine-de bahasy has arzan.

Taslama üçin esasan Mustang GT Performance bukjasy we Recaro oturgyçlary bilen gelýän standart model ulanylýar. Korpusyň köp bölegi kompozit materiallardan ýasalyp, giňeldilen ganatlar we goşmaça howa girelgeleri ýerleşdirilen. Bu bolsa giňeldilen teker ýerligini ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Hereketlendiriji 6 basgançakly mehaniki ýa-da 10 basgançakly awtomatiki geçiriji bilen işläp bilýär. Agramy ýeňilledilen 20 dýuýmlyk diskleriň aňyrsynda «Brembo» tormozlary ýerleşdirilen: öňde alty, yzda dört porşenli.
Döredilen toplumyň düzümine sazlap bolýan asma ulgam girýär — ony şäherde sürmek, trek üçin ýa-da eýesiniň şahsy islegine görä düzetmek mümkin. Şeýle hem maşynda täsirli «ponçikler» (duran ýerinde pyrlap, aýlaw etmek) üçin ýörite drift-tormozy bar.
Ýylda takmynan 50 sany Mustang RTR Spec 5 öndürmek meýilleşdirilýär. Başlangyç bahasy 160 müň dollar. Sargyt eden müşderiler tekerleriň görnüşini we korpusyň reňkini özleri saýlap bilerler.


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....