OpenAI "Sora 2" wideogeneratoryny hödürledi we onuň binýadynda TikTok-a meňzeş sosial ulgamyny yglan etdi

  • 01.10.2025 13:59
  • 3.1k+

OpenAI kompaniýasy wideo döretmek boýunça Sora 2 täzelenen emeli aň generatory hödürledi.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, täze wersiýa hereketiň fizikasyna has gowy düşünýär, hakykata has ýakyn sahnalary döredýär we generasiýa prosesini takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, model wideo bilen dialoglary utgaşdyryp, ses effektlerini hem goşup bilýär.
Sora 2-niň binýadynda OpenAI özüniň täze sosial ulgamyny — Sora App-y işe girizmäge taýýarlanýar. Onda TikTok formatyndaky dik wideo lentasy bolar we ulanyjylar emeli aňyň kömegi bilen döreden wideolaryny paýlaşyp bilerler.
Sora-nyň ilkinji wersiýasy 2024-nji ýylyň fewral aýynda peýda bolup, giňden gyzyklanma döretdi. Şol döwürde hünärmenler diňe onuň mümkinçiliklerini däl, eýsem mümkin bolan töwekgelçilikleri - feýk (galp) wideolaryň ýaýramagy ýa-da kontentleri döretmegiň däp bolan usullarynyň üýtgemegi ýaly ýagdaýlary hem ara alyp maslahatlaşypdylar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......