Erkekleriň we zenanlaryň woleýbol boýunça dünýä çempionatlarynda şol bir ýurt ýeňiji boldy

  • 29.09.2025 19:03
  • 9.5k+

Soňky 65 ýylda ilkinji gezek şol bir ýurduň erkekler we zenanlar ýygyndylary bir wagtyň özünde woleýbol boýunça dünýä çempionatlarynyň ýeňijileri boldy. 2025-nji ýylda bu Italiýanyň milli ýygyndylaryna başartdy, olar Filippinlerdäki we Tailanddaky ýaryşlarda ýeňiş gazandy.

Italiýanyň zenanlar ýygyndysy Türkiýäni 3:2 hasabynda, erkekler topary bolsa Bolgariýany 3:1 hasabynda utdy. Öň şeýle üstünligi 1952-nji we 1960-njy ýyllarda SSSR-iň ýygyndylary gazanypdy.
Italiýanyň erkekler ýygyndysy dünýä çempionatynda bäşinji gezek ýeňiji boldy – ozal ol 1990, 1994, 1998 we 2022-nji ýyllarda ýeňiş gazandy. Zenanlar topary 2002-nji ýylda çempion boldy.
Belläp geçsek, ozal dünýä çempionaty dört ýyldan bir gezek geçirilýärdi, ýöne 2025-nji ýyldan başlap her iki ýyldan geçiriler.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

27.05.2026 18:20
7.3k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....