Apple-iň iPhone üçin ChatGPT-ä meňzeýän Veritas atly gizlin programmasy bar

  • 28.09.2025 23:56
  • 3.9k+

Apple Siri ses kömekçisiniň täzelenen görnüşini barlamak üçin täze Veritas programmasyny işläp düzýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, bu programma häzirlikçe gizlin saklanýar we diňe kompaniýanyň öz içinde ulanylýar.

Veritas Apple-iň işgärlerine şahsy maglumatlar, mysal üçin, e-poçta ýa-da aýdym-saz sanawlary gözlenende, şeýle hem surat redaktirlemesini goşmak bilen, programmalaryň içindäki hereketler ýerine ýetirilende geljekki Siriniň öndürijiligini barlamaga kömek edýär. Programmanyň ady latyn dilinden terjime edilende "hakykat" diýmegi aňladýar.
Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, giňeldilen AI aýratynlyklary bolan Siri-niň kämilleşdirilen görnüşi geljek ýylyň mart aýynda satuwa çykarylar. Bu Apple üçin AI bazaryndaky bäsdeşleriniň yzyndan ýetmek synanyşygynda möhüm tapgyr bolar. Ozal käbir funksiýalarynyň durnuksyzdygy sebäpli işe girizmek yza süýşürilipdi.
Veritas ChatGPT ýaly çat-botlara meňzeýär, ol dürli temalarda söhbetdeşlik guramaga mümkinçilik berýär, öňki söhbetleri ýatda saklaýar we olara täzeden gaýdyp gelip bilýär. Onuň esasy maksady öz işläp taýýarlan ýa-da üçünji taraplar tarapyndan işlenip düzülen uly dil modellerini ulanýan Linwood platformasyny synagdan geçirmekden ybarat.
Şeýle hem, Apple Siriniň wizual görnüşini täzelemegi we akylly öý enjamlaryna AI funksiýalaryny goşmagy meýilleşdirýär. Çeşmäniň bellemegine görä, kompaniýa bu taslamalara uly umyt baglaýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......