“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy

  • 28.09.2025 23:49
  • 3.3k+

“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär.

Bilermenleriň çaklamalary boýunça, film has köp gazanyp biler. Onuň ýakyn bäsdeşi 366,7 mln dollar ýygnan “Günäliler” (Грешники) horrory hasaplanýar. Reýtingiň üçünji ornunda 313 mln dollar bilen “Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Кровные узы) ýerleşýär. “Ýaraglar” (Орудия) häzirlikçe 263,4 mln dollar netije bilen bu filmlerden yza galýar.
MovieWeb “Günäliler” bilen “Ýaraglaryň” uly franşizalardan we belli kitap wakalaryndan daşary iň üstünlikli horror filmleri bolup biljekdigini belleýär. Neşiriň pikiriçe, bu, esasan, köne filmleriň täze wersiýalarynyň we sikwelleriň üstünlikli bolýandygyny göz öňünde tutsaň, möhüm netijedir.
“Doga 4: Soňky dessurlar” franşizanyň sýužetini resmi taýdan tamamlaýar, ýöne waka köp bölümli görnüşde dowam eder.
Portalyň awtorlary horror žanryndaky filmleriň, adatça, üstünliklidigini, ýöne supergahrymanlyk filmleriniň ýa-da animasiýalaryň kassa görkezijilerine ýetmeýändigini belleýär. “Haçan-da elhençlik filmi 300 mln dollardan geçende, bu diýseň tolgundyryjy” – diýip, olar ýazýar.

“Haçan-da bir film çykanda, bu elhençlik žanryna umyt berýär. Haçan-da olar köp bolanda, bu studiýalara elhençlik filmlerine islegiň ýokarydygyny we olara ýokary baha bermelidigini görkezýär” – diýip, MovieWeb-iň awtorlary belledi.


şu gün 09:56
919

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
794

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......