TikTok-yň ykbaly çözüldi: sosial ulgam 14 mlrd dollara amerikan kompaniýalaryna geçdi

  • 26.09.2025 17:46
  • 10k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikan kompaniýalarynyň TikTok sosial ulgamynyň aktiwleriniň 80%-ine eýeçilik edýändigini, ByteDance-iň we hytaý maýadarlarynyň bolsa 20%-i saklap galýandygyny görkezýän permana gol çekdi. Bu TikTok-a Ştatlarda işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berer diýip, The Guardian habar berýär.

Tramp HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy. Meýilnama görä, amerikan maýadarlary TikTok-yň amaly bölegini dolandyrar we programmanyň teklip algoritmini ulanmaga ygtyýarnama alar. Aktiwleriň satyn alynmagy amerikan maýadarlaryna 14 mlrd dollara düşer.
Täze dolandyryş gurluşyna laýyklykda, sosial ulgama ýedi adamdan ybarat müdirler geňeşi gözegçilik eder: olardan altysy ABŞ-nyň raýaty, ýedinji bolsa garaşsyz hünärmen bolar. Geňeşe kiber we milli howpsuzlyk boýunça hünärmenler hem girer.
TikTok-yň täze eýeleriniň arasynda ABŞ-da programmanyň işine jogap berjek we ulanyjy maglumatlaryny saklamak üçin bulut infrastrukturasyny hödürlejek Oracle kompaniýasy bar. Ak Tamda ne ByteDance-iň, ne-de hytaý häkimiýetiniň amerikan ulanyjylarynyň maglumatlaryna elýeterli boljakdygy bellenildi.
Şertnama mediamagnat Rupert Merdok we Dell Computers-iň baş direktory Maýkl Dell hem gatnaşýar.
Prezident Tiktok-yň dürli görnüşli kontentleri hödürlemegi dowam etdirjekdigine ynandyrdy, ýöne özüniň Make America Great Again hereketiniň tarapdarlarynyň materiallaryny has makul bilýändigini belledi. “Eger başarsam, men ony 100% MAGA bilen baglanyşykly ederdim” – diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy belledi.
Şertnama programmanyň töwereginde ençeme aýlap dowam eden jedelleriň soňuna nokat goýýar. Ozal TikTok 180 mln amerikan ulanyjysynyň maglumatlaryna elýeterli bolmagy baradaky howatyrlanmalar sebäpli ABŞ-da tas gadagan edilipdi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......