Alymlar reňkli we has takyk rentgen suratlaryny almagy başardylar

  • 25.09.2025 20:22
  • 2.8k+

Amerikanyň Sandia National Laboratories ylmy-barlaghanasynyň barlagçylary has ýokary takyklygy bolan reňkli rentgen suratlaryny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa oýlap tapdylar.

Taslamanyň ýolbaşçysy Edward Himenes bu usulyň köp metallardan peýdalanylýan reňkli giperspektral rentgen wizualizasiýasy diýlip atlandyrylýandygyny aýtdy. Ol reňkli şekiller döretmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa materiallary tanamagy we kemçilikleri tapmagy aňsatlaşdyrýar.
Adaty rentgen suratlarynyň hili we aýdyňlygy boýunça çäklendirmeleri bar. Sandia-nyň alymlary bu meseläni çözmek üçin rentgen şöhleleriniň fokus nokadyny kiçeltdiler. Munuň üçin olar wolfram, molibden, altyn, samariý we kümüş ýaly dürli metallardan taýýarlanan kiçijik nusgalary ýörite nagyş bilen ulandylar.


Metallardan ybarat anodyň her nokady şöhleden kiçi edilip döredildi, bu bolsa fokus nokadynyň ölçegini netijeli azaltdy. Dürli metallar dürli reňkli rentgen şöhlelerini çykarýar. Energiýany tanap bilýän detektor arkaly alymlar fotonlary aýratyn sanap, olaryň energiýasyny ölçäp bilerler. Netijede elementleriň dykyzlygyny we düzümindäki maddalary kesgitlemek mümkin bolýar. Şeýlelikde has aýdyň we reňkli suratlar alnar, olar obýektiň gurluşy barada giňişleýin maglumat berýär.
Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýa howa menzilleriniň howpsuzlyk gulluklarynda, harytlaryň hil barlagynda, howpsuz synag usullarynda we häzirki zaman önümçilik proseslerinde ulanylyp bilner. Şeýle hem ol lukmançylyk diagnostikasynyň takyklygyny ýokarlandyryp biler.


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......