Mercedes-Maybach Hytaýda GLS 480 atly kaşaň ýeňil premium ulagyny hödürledi

  • 25.09.2025 20:07
  • 6.8k+

Mercedes-Maybach Hytaýda täze GLS 480 Liyi Edition atly krossoweriniň söwdasyna başlady. Modeliň bahasy 1,498 mln ýuana (takmynan 210 müň ABŞ dollary) barabar.

Daşky görnüşde ulag Maybach-a mahsus stili saklaýar: dik görnüşli radiator gözenegindäki MAYBACH ýazgysy, uly üçburç logo we 22 ýa-da 23 dýuýmlyk ýörite diskler. Ölçegleri: 5208x2030x1838 mm, teker aralygy — 3135 mm.
Salon Nappa derisi bilen bezelen bolup, iki reňk görnüşinde hödürlenýär. Ähli oturgyçlarda wentilýasiýa, gyzdyrmak we massaž funksiýalary bar. Dört orunlyk görnüşde aýratyn iki oturgyç, çykarylýan aýak goýulýanlary we 1,34 metre çenli boş ýer hödürlenýär. Goşmaça görnüşde sowadyjy, ýapylýan stollar we Maybach nyşanly şampan bokallary elýeterli. Atmosferany Burmester audio ulgamy, 64 reňkli yşyklandyryş we Maybach-yň eksklýuziw ysy saklaýar.


Multimedia ulgamy MBUX ses arkaly dolandyryşy, OTA täzelenmeleri we AR-nawigasiýany goldaýar. Hytaý üçin aýratynlykda QQ Music we Tencent Video hyzmatlary goşulypdyr.
Kapodyň aşagynda 381 at güýjüne we 500 Nm tork güýjüne eýe bolan 3,0 l göwrümli 6 silindrli hereketlendiriji ýerleşýär. Şeýle hem 48-woltly starter-generator bilen enjamlaşdyrylan. Standart hökmünde 9 basgançakly awtomatiki geçiriji, doly tirkelme ulgamy, adaptiw pnewmatiki asma we ýumşak hereket üçin ýörite Maybach re režimi bar. Ýolsuz ýerlerde bolsa ulagyň aşagyndaky üsti görkezýän “açyk kapot” funksiýasy ulanylyp bilner.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......