Dewid Bekhem we Hugo Boss bilelikdäki toplumyny çykardy

  • 25.09.2025 15:09
  • 4.5k+

Hugo Boss we Dewid Bekhem täze Beckham x Boss toplumyny hödürlediler. Ol eýýäm satlyga çykdy diýip, WWD habar berýär.

Bu eýýäm olaryň hyzmatdaşlygynyň ikinji netijesi - ilkinji bilelikdäki toplum 2025-nji ýylyň aprelinde çykypdy.
Bekhem munuň çykarylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşandygyny aýtdy: brend bilen hyzmatdaşlyk oňa öz pikirlerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. "Meniň pikirimçe, adamlar birinji toplumymyzy gowy gördüler, bu gezekki hem şeýle bolar, ondan soňkulary hem gowy görerler diýip umyt edýärin" – diýip, ol belledi.
Bekhem iki toplumyny hem Hugo Boss-yň uly wise-prezidenti we döredijilik müdiri Marko Falçoni bilen bilelikde döretdi. "Biz elmydama uzak wagt ünsden düşmez öýden gyzykly nusgalary we eserleri oýlap tapýarys" – diýip, Angliýanyň ýygyndysynyň öňki oýunçysy belledi.
Täze hatarda burçlak eginli penjekler we dar balaklar, çal reňkli ýüň pamazadan tikilen iki hatar ilikli penjekler, pagta we jersi köýnekler bar. Üstki eşiklerden -  kaşemir içlikli jinsi penjekler, galyň matadan tikilen çöwürme içmekler, garyşyk materialdan tikilen bomberler, goýun derisinden zamşa penjek we sarymtyl ýakaly goýy goňur nubukdan tikilen sürüjiniň wintaž kurtkasy bar.
Aýakgap hatarynda iş aýakgaplary, çelsi aýakgaplary we sowuk howada geýilýän krossowkalar bar. Bekhemiň özi iki hatar ilikli kemel reňkli kaşemir kurtkany, welwet kostýumy, botinkalary we krossowkalary halaýar. "Iň gowy görýän zadym ýokary hilli kaşemir trikotaž" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....