Suzuki soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma nyşanyny üýtgetdi

  • 24.09.2025 14:43
  • 3.4k+

Suzuki ýapon kompaniýasy soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma logotipini üýtgetdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Üýtgeşmeler düýpgöter bolmady we birbada göze ilmeýär diýen ýaly. Kompaniýanyň bellemegine görä, brendiň tanalýan “S” harpy saklanyp galdy, ýöne ol sanly tehnologiýalaryň eýýamyna gabat gelmek üçin has tekiz boldy.
Hrom bezegi serpikdiriji ukyby ýokary bolan kümüşsöw reňk bilen çalşyldy. Täzelenen nyşan bilen birlikde kompaniýa melodramanyň ady ýaly ýaňlanýan täze korporatiw şygaryny-da hödürledi – “Seniň ýanyňda”.
Ilkinji gezek Suzuki-niň täzelenen logotipi Japan Mobility Show 2025 sergisinde köpçülige görkeziler, bu ýerde kompaniýa özüniň täze konsept-karlaryny hem hödürlär.
Belläp geçsek, Suzuki soňky wagtlarda logotipini üýtgeden ikinji awtoöndüriji boldy. Mundan öň BMW-niň rebrending geçirendigi belli boldy. Onuň logotipinden has döwrebap görünmegi üçin içki hrom elementleri aýryldy.

şu gün 09:56
1.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....