Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlandy

  • 24.09.2025 13:22
  • 3.3k+

Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň täze prezidenti wezipesine bellendi diýip, Variety neşiri habar berýär.

“Interstellaryň” we “Oppengeýmeriň” döredijisi 2021-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden Lesli Linka Gletteriň ornuna geçdi.

"Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlanmak meniň karýeramyň iň uly sylaglaryndan biridir. Biziň pudagymyzda ägirt uly özgerişlikler bolup geçýär we men Gildiýanyň agzalaryna maňa bu jogapkärli wezipäni ynanandyklary üçin sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem, prezident Glettere soňky dört ýylky ýolbaşçylygy üçin sag bolsun aýdasym gelýär" – diýip, Nolan belledi.

Nolan 2001-nji ýyldan bäri Gildiýanyň agzasy. 2015-nji ýylda Nolan milli geňeşiň agzasy boldy we häzirki wagtda bolsa teatryň döredijilik hukuklary komitetine we emeli aň komitetine ýolbaşçylyk edýär.
Jemgyýetçilik işinden daşgary, režissýor öz taslamalarynyň üstünde hem işlemegini dowam etdirýär. Golaýda Los-Anjelesde onuň “Odisseýa” atly täze filmini surata düşürmek işleri tamamlandy. Film Marokko, Gresiýa, Italiýa, Malta, Şotlandiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlarda hem geçirildi. Ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 10:41
248

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......