Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi

  • 24.09.2025 13:07
  • 4.7k+

Bentley kompaniýasy Flying Spur sedanynda ilkinji gezek ombre reňkleýiş tehnologiýasyny ulandy. Şeýle tehnika iki reňkiň biri-birine akgynly geçişini göz öňünde tutýar - awtoulagyň öň tarapy mawy Topaz, arka tarapy dok gök Windsor reňki bilen boýalýar.

Reňklemek prosesi ýokary takyklygy talap edýär we iki tejribeli reňkleýjiniň  takmynan 60 sagat wagtyny alýar. Ilki bilen reňkler aýry-aýrylykda awtoulagyň öň we yz tarapyna sepilýär, soňra oňa ton berilýär hem-de geçiş endigan we simmetrik bolar ýaly ton tapgyr-tapgyr sepilýär. Şol bir wagtyň özünde kölegeler üçünji reňk peýda bolmaz ýaly edip garyşdyrylýar.
Bentley ombre tehnikasynyň diňe üç kombinasiýada bardygyny belläp geçdi: Topaz-Windsor, Sunburst Gold-Orange Flame we Tungsten-Onyx. Reňkleýji ussalara geçişiň endigan bolmagy üçin spreý sepilende her reňkiň özüni alyp barşyna üns bermek möhümdir.
Kompaniýa bu boýag işiniň aýratynlygyny nygtaýar. Onuň bahasy 48 000 funt sterlingden başlaýar, bu takmynan täze BMW 5 Series-iň ýa-da Mersedes-Benz E-Classyň bahasy bilen deňdir.
Ombre tehnikasy ilkinji gezek şu ýylyň awgust aýynda Monterey Car Week-de Continental GT kupesinde görkezilipdi.


02.02.2026 10:30
2.4k+

Bentley «Bentayga X» wnedorožnik prototipini tanyşdyrdy

Bentley kompaniýasy Awstriýanyň Sell-am-Zee şäherinde geçirilen buzly ýaryşlaryň çäklerinde Bentayga X prototipini görkezdi. Täze model krossoweriň ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Bentayga Speed wersiýasynyň kämilleşdirilen görnüşidir...

24.01.2026 15:48
3.5k+

Ekstremal sürüji Trewis Pastrana Bentley-niň ştab-kwartirasynda «Jimhana» şüweleňini gurady

Bentley kompaniýasy brendiň taryhyndaky iň depginli gysga metražly film diýlip atlandyrylýan wideoşekili köpçülige hödürledi. Roligiň baş gahrymanlary — meşhur ekstremal sürüji, «Jimhana» seriýasyny esaslandyryjylaryň biri Trewis Pastrana hem-de ýaňy-ýakynda tanyşdyrylan kuwwatly Bentley Continental Supersports awtomobili boldy...

28.10.2025 19:05
7.7k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

04.09.2025 19:46
17k+

Doly agaçdan ýasalan Bentley Continental GT satuwa çykaryldy, onuň üçin $100 müň soralýar

eBay saýtynda Bentley Continental GT ulagynyň ähli bölekleri diýen ýaly agaçdan ýasalan doly göwrümli nusgasy satuwa çykaryldy. “Awtopilot” saýtynyň habar bermegine görä, ony döredijiler ulag üçin, takmynan, 100 müň dollar almak isleýär, bu bolsa hakyky Bentley-iň bahasyna golaýdyr...