Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzinde hususy dynç alyş merkezini açar

  • 24.09.2025 09:51
  • 4.2k+

Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzindäki Barbuda adasynda täze dyçn alyş merkezini (kurort) açmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg habar berýär.

Merkezi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda açmak meýilleşdirilýär. Myhmanlara restoranyň, spa-merkeziniň we ummana görnüşi bolan howzuň hyzmatlary hödürlener. Dynç alyş merkezi The Beach Club ady bilen hereket eder. Onuň düzümine 36 otagly Nobu Beach Inn myhmanhanasy, şeýle hem hususy willa we suwuň üstünde gurlan bungalolar girer.
Agentligiň maglumatyna görä, gurluşykda ekologiýa taýdan arassa çözgütlere aýratyn üns berilýär. Tebigy materiallardan peýdalanylýar, ýaşyl landşafty saklamak üçin ýerli ösümlikler ulanylýar, bu hem Barbudanyň tebigy gözelligini gorap saklamaga we daşky gurşawa ýetirýän täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 09:56
825

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
685

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......