Olimpiýa komiteti Oýunlar wagty türgenleriň sosial ulgamlary işjeň ýöretmegini isleýär

  • 23.09.2025 17:54
  • 2.7k+

Olimpiýa komiteti türgenlerde ýaryşlaryň dowam edýän wagtynda sosial ulgamlarda köpräk post goýmaga höwes döretmegi meýilleşdirýär diýip, Variety habar berýär.

HOK-nyň wise-prezidenti Žerom Parmantýe 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Oýunlarda türgenleriň sosial ulgamlarda paýlaşan kontentleriniň 8 mlrd töweregi laýk, repost we teswir ýygnandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, messenjerler we ýörite programmalar häzir sport çäreleri bilen ýakyndan baglanyşykly bolup, janköýerler bilen özara gatnaşygy saklamak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Parmantýe norwegiýaly suwda ýüzüji Henrik Kristianseni mysal getirdi. Ol TikTok-da özüniň Olimpiýa obasynda maffinler baradaky wideolarynyň kömegi bilen meşhur boldy. HOK-nyň wise-prezidentiniň pikiriçe, türgenler ýaryşlarda esasy kontent döredijilere öwrüldi.

“Olimpiýa obasyna 10 müň türgen gelýär. Olaryň ählisi sosial ulgamlarda bar” – diýip bellemek bilen, ol türgenleriň onlaýn giňişlige gatnaşmagynyň häzirkizaman sport wakasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini sözüniň üstüne goşdy. Bu janköýerlere ýaryşlary has işjeň we gyzyklanma bilen yzarlamaga, türgenlere bolsa özüni tanatmaga mümkinçilik berýär.


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....